Şu ýyl Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140
ýyllygy bellenilip geçilýär. Paýtagtymyz Aşgabadyň taryhy barada
“Türkmenistan” gazetinde “Türkmen paýtagtynyň taryhy – fotosuratlarda” atly
makala çap edilipdir. Şol makalada paýtagtymyzyň taryhyna syn berlipdir.

 Aşgabat şäheri gadymdan oturymly ozalky Ashabat obasynyň
ýerinde döräpdir. 1881-nji ýylyň ýanwarynda Ashabat çeşmesiniň
ugrunda ýerleşýän agzalan obada 800 çemesi ak öý bar eken.
 1881-nji ýylyň 6-njy maýynda Zakaspiý harby bölüminiň
üstüne Ahal sebitini goşup, 1882-nji ýylda Zakaspiý oblasty döredilýär.
Täze oblasty edara etmek şu ýerdäki harby korpusyň baştutanynyň üstüne
ýüklenipdir, edara ediş guramalary korpusyň ştab serkerdelerinden
düzülip, onuň merkezi hökmünde bolsa Aşgabat bellenipdir.
 Ilki-ilkiler şäheriň köne çäginiň (Ashabat obasynyň ýerleri)
köçeleri dar, egrem-bugram, hatda tegelenip gidýän görnüşlerde
bolupdyr. Obanyň bir gapdaly giň meýdana baryp diräpdir. Şol ýerde her
gün diýen ýaly, harby garawullar nyzama durup, barmaly ýerlerine
ugradylypdyr, kähalatlarda harby okuwlar we ýörişler geçirilipdir.
 Soňra şäheriň taslamasy Ýewropa biçüwinde çekilip
başlanypdyr. Köçeler göni we giňden gurlupdyr. Köçelere şol döwre ýoň
bolan atlary, aýratyn hem harbylaryň atlaryny dakypdyrlar. Mysal üçin,
Annenkowskaýa (häzirki S.Türkmenbaşy ş.), Kuropatkinskaýa (häzirki
Magtymguly ş.), Lewaşewskaýa (häzirki Azady ad. k.), şeýle hem
(«Ofiserskaýa»), «Sapýornaýa», «Artilleriýskaýa» we ş.m. Aşgabadyň
ilkinji dörän we iň uzyn köçeleriniň biri Kuropatkinskaýa köçesidir.
Ilkinji peýda bolan köçeleriň ýene-de biri «Serkerdeler» «Ofiserskaýa»
köçesi bolupdyr. Onuň ugrunda harby serkerdeler ýaşapdyrlar we ol
şäherde iň gür bagly, owadan köçe hasaplanypdyr. Lewaşewskaýa
(Engels, Azady) köçesi hem mähelleliligi, gatnawlylygy bilen
tapawutlanypdyr. Bu köçäniň ugry bilen ir ertirden giç agşama çenli şol
wagtky Rus we Teke bazaryna üsti ýükli kerwenler, arabalar, paýtunlar
gatnapdyrlar.
 ХIХ asyryň aýaklaryna Aşgabat şäheriniň esasan, söwda we
hyzmat ulgamy ösüpdir. 1889-njy ýylda şäherde 750 öý, 654 söwda
nokady, hünärmentleriň 121 sany dükany, 33 sany kerwensaraý, 2
myhmanhana, 15 sany naharhana, 105 sany meýhana bolupdyr.
 Aşgabadyň ilaty köpelip başlaýar. Eger 1882-nji ýylda onda
bary-ýogy iki müň adam ýaşan bolsa, 1903-nji ýylda ilatyň sany 36 müňe
ýetipdir. 1911-nji ýylda bolsa ol 45 müňden geçipdir.

 1885-nji ýylyň iýul aýynda çykan «Turkestanskiýe wedomosti»
neşiri 18-nji iýulda Aşgabatda ilkinji hususy dermanhananyň
açylandygyny habar beripdir. Ondan öň dermanlar ilata diňe harby
lazaretiň (kiçiräk harby keselhana) üsti bilen paýlanýar eken.
 Aşgabadyň çalt ösmegine onuň Eýran bilen söwda ediş
merkezine öwrülmegi hem ýardam edipdir. Russiýa we bütin Merkezi
Aziýa Eýran bilen söwda gatnaşygyny Aşgabadyň üsti bilen amala
aşyrypdyr.
 Paýtagtymyzyň ýaşuly ýaşaýjylarynyň biri, türkmen fotografiýa
sungatynyň aksakgaly Abdylla Güseýinow şeýle ýatlap geçipdir: «Men
oglanjykkam, häzirki «Aşgabat» seýilgähinde oýnardyk. Gün
ýaşyberende, arkasyna ýagly gabyny göterip, çyraçy gelerdi we
seýilgähiň dört çüňkünde dikilen pürse çykyp, olara berkidilen panus
çyralara nebit guýardy. Şol çyralar garaňky gijeler zordan görnerdi.
«Aşgabatda ilkinji iki gat jaýyň hem gurlanyny bilýärin, ol «Kirpiçnaýa»
köçesiniň, Karl Libkneht adyndaky bulwaryň ugrundady. Biz ol jaýy gaty
beýik hasaplap, her gün diýen ýaly baryp synlardyk».
 Şeýle hem 1967-nji ýylda Aşgabat şäherine bagyşlanyp ýörite
düşürilen «Azatlyk prospekti», 1975-nji ýylda surata düşürilen «Öz
şäherimizi gurýarys» atly dokumental kinofilmleri ýatlap geçmek bolar.