Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň, ugurdaş ministrlikleriň
we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bilelikde dürli medeni
hem-de köpçülikleýin çäreleri geçirmegiň meýilnamasy taýýarlanyldy.
Olary durmuşa geçirmegiň çäklerinde “Ak şäherim – Aşgabat” atly ХХ
Halkara köpugurly sergi, döredijilik bäsleşikleri, konsertler, medeni köpçülikleýin
çäreler, dürli maksatly desgalaryň hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş
dabaralary, sport bäsleşikleri, at çapyşyklar we beýlekiler guralar.
Şanly senäniň hormatyna döredijilik bäsleşikleri, sergiler, gyzykly
söhbetdeşlikler, sanly ulgam arkaly dürli halkara onlaýn-duşuşyklary, mediýa
maslahatlar, sport çäreleri guralar.
Teleradioýaýlymlarda hem-de internet saýtlarynda ak mermerli paýtagtymyzy
wasp edýän suratlary, wideosýužetleri we makalalary ýerleşdirmek, olary daşary
ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden ýaýmak boýunça
maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz bilen doganlaşan
daşary ýurt şäherleriniň ýolbaşçylarynyň we medeniýet hem-de sungat işgärleriniň
arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklar göz öňünde tutulýar.
21-nji maýda “Aşgabat bahary” atly gysga göwrümli çeper filmleriň
telefestiwalyny jemlemek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň baýram edilmegine
birnäçe aýyň galandygyny, bu ýubileýiň şäherlileriň durmuşynda ýatdan çykmajak
waka öwrülmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara bu şanly senä gabatlanyp, göz
öňünde tutulan dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramak boýunça ähli zerur
çäreleri görmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, 24-nji maýda paýtagtymyzy
ösdürmäge öz zähmeti bilen uly goşant goşup, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan
adamlara dabaraly ýagdaýda sylaglaryň gowşuryljakdygyny habar berdi. 25-nji
maýda bolsa, paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň
düýbüni tutarys, şeýle hem şol gün täze gurlan “Garagum” myhmanhanasyny
dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.