Sowgat hökmünde täze ýapraklardan taýýarlanan tort hem-de köp sanly
gutlaglar geldi.
Fewral aýynyň ahyrynda, Sidneýdäki WILD LIFE haýwanat bagy, 16 ýaşan
Feýt atly iň garry koalanyň doglan gününi belledi. Orta hasap bilen koalalar 10
ýyldan 14 ýaşa çenli ýaşaýarlar, şonuň üçin Feýt diňe bir hemmeleriň söýgüli
jandary bolman, eýsem özboluşly koaladyr.
Haýwanat bagynyň işgärleri, garaşylyşy ýaly, doglan güni aýdymlar bilen
gutladylar we oňa täze ewkalipt ýapraklaryndan taýýarlanan ýakymly tort
hödürlediler.
Sosial ulgamlarda baýramçylykdan wideo hasabatyny çap etdiler we
ulanyjylary gutlamaga gatnaşmaga çagyrdylar.
Feýt, gaty ýakymly, ýöne garaşsyz koala bolup, ol wagtyny ýekelikde ýaprak
iýip geçirmekden lezzet alýar. Golaýdaky beýleki garyndaşlaryna çydam etmeýär.