Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň nyşany bilen tanyşdyryldy.

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşanynyň şekilinde türkmen halysynyň ýüzünde şekillendirilýän garşy-goçak hem-de alaja milli nagyşlaryndan ugur alnyp, olaryň döwrebaplaşdyrylan, ýagny welosipedçiniň şekili bilen utgaşdyrylan ýagdaýynda işlenip taýýarlanan görnüşi öz beýanyny tapypdyr.

Çempionat şu ýylyň 13 ― 17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.