Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň lybaslary hem-de ulanjak welosipedleri tanyşdyryldy.

Halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň sport lybaslary we welosipedleriň bezeg işleri barada aýdylanda, ýaryşda çykyş etjek welosipedçiniň egin-eşiginiň görnüşleriniň hem-de welosipediň bezegi milli äheňi bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň milli ýygyndy topary, guramaçylar, meýletinçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, lukmanlar, jemgyýetçilik tertip-düzgünini we howpsuzlygy üpjün edýän işgärler üçin lybaslaryň görnüşleri taýýarlanyldy. Türkmen halkynyň milliligini özünde jemleýän lybaslaryň bezeg işleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde döredilen ýörite topar bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.

Ýeri gelende bellesek, welosipedleriň bezeglerinde millilige we döwrebaplyga üns berlipdir. Onda dünýä grafika sungatynyň iň döwrebap şekilleri milli nagyşlarymyz bilen utgaşdyrylyp, döwrüň batly gadamlar bilen öňe barýan ruhy şöhlelendirilipdir. Milli ýygyndy toparymyzyň egin-eşiginde bolsa türkmen halysynyň ýüzünde şekillendirilýän gyýak nagyşdan ugur alnyp taýýarlanan bezegler ýerleşdirilipdir. Ýaryşda çykyş etjek welosipedçiniň egin-eşiginiň bezegleri taýýarlanylanda bolsa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňklerinden we nagyşlaryndan ugur alnypdyr.

Çempionat 13 ― 17-nji oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.