22-nji fewralda geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň dowamynda Prezident Berdimuhamedow guramaçylyk meselelerine seredip, käbir häkimliklerde işgärleri täzeledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen,

Guwançmyrat Ýazmyradow Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Hemramuhammet Mamydow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Gurbanmyrat Çopanow pensiýa gitmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Nurýagdy Gummadow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Annadurdy Mämmedow pensiýa gitmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Begenç Taýyrow Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Wepa Nurgeldyýew Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Azat Joraýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Geldiýew Öwliýäguly işde goýberen kemçilikleri üçin, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

***

Kadyrberdi Aşyrow Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

***

Almaz Ballyýew Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk tehnikalary we gurallary boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.