NASA 18-19-njy fewral gijesinde Marsyň ýüzüne üstünlikli gonan “Perseverance rover” kosmiki gämisiniň ilkinji suratlaryny we wideolaryny hödürledi.

Kosmos gullugy gonmagyň nähili bolup geçendigini we bir wagtyň özünde birnäçe kamerada nädip ýazga alnandygyny jikme-jik aýtdy.

Bu wideoda paraşýutyň nähili açylýandygyny we şol wagtyň özünde roveriň düşüren suratyny görüp bilersiňiz

NASA inženerleri bu suratlardan peýdalanyp, Roveryň ýagdaýyna baha berýärler – aslynda kameranyň böleklerini suratlarda görmek üçin selfi gerek. Ýönekeý adamlaryň gözi bilen seredeniňde ol ýerde gyzykly zat görüp bolmaz,diňe daşlar bar.

Bonus hökmünde NASA, Perseveranca gurnalan mikrofondan alnan Marsyň seslerini paýlaşdy. Has takygy, planetanyň özi eşidilmeýär, sebäbi onda hiç zat bolmaýar. Ýöne Roveryň ýeňil sesini eşidip bilersiňiz.

Öňümizdäki günlerde enjam hereketsiz galar, kem-kemden inžinerler ähli bölekleriň we gurallaryň işleýşini barlarlar. Birnäçe hepdeden soň bolsa ilkinji saparyna çykar. Bir-iki aýdan soň, “Perseveranca” kiçi pilotsyz uçaryny ýa-da “Ingenuity” kiçi dikuçaryny uçurmak üçin deň derejeli ýer tapar. Diňe şondan soň Marsyň gaýasynyň ilkinji nusgalaryny ýygnamaga ugrar.