Abdullah Nuren atly 48 ýaşly Indonezýanyň ýaşaýjysy Rote adasynyň golaýynda balyk tutýarka gaty geň tapyndy nyň üstünden bardy.

“Daily Mail”-iň habaryna görä, uly akula trauler gämisiniň torunda tutylypdyr we satmak üçin soýup ýörkä, onuň içinde üç sany dogulmadyk çagasyny tapypdyr. Olaryň birinde multfilm gahrymany ýaly egrilen agzy bardy. Beýleki iki çaga gaty kadalydy.

Nuren adaty bolmadyk tapyndyny öýüne alyp gitdi. Ol “Meniň öýüm akula görmek isleýän adamlardan doldy” -diýip žurnalistlere gürrüň berdi.

Balykçynyň sözlerine görä, akula satyn almak isleýän adamlardan birnäçe teklip aldy, ýöne ony özi üçin saklamagy ýüregine düwdi. Ol oňa üstünlik getirjekdigine ynanýar.