Dietolog Ýelena Solomatina “Weçernaýa Moskwa” bilen geçirilen söhbetdeşlikde tomusda berk çäklendirmeler we halys surnukdyryjy sport türgenleşikleri bolmazdan hem horlanmaga mümkinçilik berýän ýönekeý düzgünleri sanap geçdi. Bu barada RIA Nowosti habar berdi.

Şeýlelik bilen, onuň pikiriçe, açlykdan surnugyp ýörmek ýa-da az kaloriýaly iýmitlenmek dogry däldir – bu strese we iýmitlenişiň bozulmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin gündelik iýmitiň düzümine aňsat siňip bilýän belogy goşmaly we gowrulan gyzyl eti gaýnadylan et bilen çalyşmaly. Lukman doňuz etiniň ýerine towuk, balyk ýa-da hindi towugyny iýmegi maslahat berdi. Gyzyl eti hepdede iki gezekden köp iýmeli däldir. Şeýle hem berhizde gök otlara we gök önümlere üns bermek gerek.

Ýoda baý deňiz önümlerini we hurmany hem ýatdan çykarmaly däldir. Ýumurtga, balyk we süýt önümleri D witamine baý bolýar. Bu witamin ýetmezçilik edende, agramyň artmagyna sebäp bolup bilýär.

Burç, imbir ýa-da sarymsak metabolizmi güýçlendirýär. Şeýlelik bilen, horlanmak üçin Solomatina hyýardan, laýmdan we imbirden smuzi ýasamagy teklip etdi. Sagdyn agramy saklamak üçin peýdaly bolan ýene bir içgi – şekersiz gök çaýdyr. Mundan başga-da, köp mukdarda suwuklyk içmek möhümdir – suw bedenden artykmaç zatlary ýuwup çykarýar. Günde azyndan bäş wagtyna iýip, bişirilen önümleri däl-de, miwe we gök önümlerini iýmek has peýdalydyr. Lukmanyň sözlerine görä, kabul edilýän uglewodlaryň mukdary azaldylmalydyr.

Lukman gije iýmegiň dogry däldigini aýdýar: iň soňky nahar ýatmazdan üç-dört sagat öň bolmaly. Şeýle hem ol iýýän zatlaryňyzyň hemmesini ýazmagy maslahat berdi – bu naharlaryňyzy tertipleşdirmäge we düzgüne salmaga mümkinçilik berýär.