Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda belli daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda ylmy-gözleg işleri geçirilýär. Kaka etrabynyň çägindäki Ulugdepe ýadygärliginden hem türkmen-fransuz arheologiýa ekspedisiýasynyň işine badalga bermek boýunça halkara ylalaşygyň baglanyşmagy-da munuň aýdyň subutnamasydyr.

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 8-nji fewralynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatyndaky taryhy çykyşynda «W.Masson, W.Sarianidi ýaly dünýä belli alymlaryň Türkmenistanda işläp, halkymyzyň taryhy bilen içgin gyzyklanyp, geçmişiň açylmadyk syrlaryny dikeltmek boýunça bitiren işleri biziň üçin nusga bolup durýar» diýen parasatly jümlesinden ugur alnyp belli arheologlar W.Massonyň, W.Sarianidiniň ylmy açyşlaryna bagyşlanan, şeýle hem türkmen-fransuz bilelikdäki arheologiýa işlerini alyp barmak boýunça halkara ylalaşyga gol çekilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Hoşallyk maslahatynda Wadim Mihaýlowiç Masson hem-de Wiktor Iwanowiç Sarianidi bilen egin-egne berip zähmet çeken alymlar, tejribeli hünärmenler çykyş etdiler. Ýurdumyzda geljekde alnyp baryljak ylmy-barlag işleri barada gürrüň edilidi. Talyp ýaşlar we ýaş hünärmenler ýurdumyzyň ýadygärliklerinden tapylan gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Halypa arheologlar, alymlar ýaşlaryň bu ugurda gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdiler.

Günorta-Gündogar Köpetdagyň etegindäki düzlüklerde ýerleşen aralary ortaça 25 kilometr töweregi çäkler bilen bölünen Namazgadepe, Altyndepe we Ulugdepe ýaly meşhur we gymmatly arheologiýa ýadygärlikler ýerleşýär. Ýurdumyzyň çäklerinde neolit döwrüniň gadymky ekerançylyk medeniýetiniň hem-de bürünç döwrüniň medeni ojaklarty hökmünde ykrar edilen bu ýadygärliklerden täze maglumatlar toplanylýar. Ulugdepe arheologiýa ýadygärligi soňky ýigirimi ýylyň dowamynda içgin öwrenilip, barha uly meşhurlyga eýebolan gymmatly ýadygärlikleriň biridir. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinden 4 kilometr günortada, Kelet çaýynyň sag kenar ýakasynda ýerleşen bu ýadygärlik uzak asyrlaryň dowamynda yzygiderli ýaşaýyş dowam eden baý medeni gatlakly, 15 gektar çemesi meýdany tutýan taryhy gymmatlyklaryň mesgenidir.

Mälim bolşy ýaly, 2001-nji ýylda Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň goldamagy bilen, Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň hyzmatdaşlygy esasynda, türkmen-fransuz arheologiýa ekspedisiýasy döredildi. Ekspedisiýa alym, arhitektor M.Mämmedow, professor Oliwýe Lekont we Hulýo Bundezu-Sarmento ýolbaşçylyk edýärler. BU ýerde gazuw-agtaryş, ylmy-öwreniş we rejeleýiş işlerini alyp barýan arheologiýa ekspedisiýasynyň düzüminde dünýäniň köp ýurtlaryndan diňe bir taryhçy arheologlar däl, eýsem, geomorfologlar, gadymy dünýäniň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi boýunça iş alyp barýan alymlaryň, sungaty öwrenijileriň, keramikaçylaryň, rejeleýjileriň we beýlekileriň bar bolmagy ýadygärligi köptaraplaýyn öwrenmäge mümkinçilik döredýär.

Häzirki wagta çenli bu ýadygärlikde 45 sany gazuw peliniň, şol sanda beýikligi 11 metr bolan stratigrafik gazuw peliniň üsti açyldy. Ýadygärligiň merkezi böleginden gazuw-barlag işleriniň dowamynda ini-boýy 40 metre barabar bolan inedördül köşgün galyndylay ýüze çykaryldy. Ulugdepeden tapylan gymmatly arheologiýa tapyndylarynyň ýüzlerçesi Türkmenistanyň Şekilendiriş sungaty muzeýinde, Milli «Ak bugdaý» muzeýinde, şeýle-de Döwlet medeniýet merkeziniň Milli muzeýinde saklanýandygy baradaky gymmatly maglumatlary hoşallyk maslahatynda çykyş eden arheologlar gürrüp berdiler.

Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ata Watanymyzyň at-abraýyny belende götere belli şahsyýetleri hormatlaýan, olaryň ömür döredijiligini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.