Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy ösdürmek boýunça birnäçe resminamalara gol çekdi. Hususan-da, Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine degişli resminamalaryň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.