Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilmegi mynasybetli dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün eder. Munuň üçin degişli resminama Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ýaýbaňlandyrmak boýunça geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.