Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döredildi hem-de bu toparyň düzümi, topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Bu resminama milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de “Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky “eksport-import amallary üçin bir penjire” atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.