Türkmenistanyň Prezidenti Karary bilen, Aşgabat şäherinde “Altyn kölüň” kenarynda 2021-2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak bellenildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi degişli binalary we desgalary gurmak boýunça potratçylary saýlap almak üçin bäsleşikleri geçirer.

Şeýle hem ministrlik “Altyn kölüň” kenarynda guruljak dynç alyş zolagynyň baş meýilnamasyny üç aý möhletde işläp düzer.