Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň Merkezi banky görkezilen pul baýragyny Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasynyň serişdelerinden bölüp bermäge borçly edildi.