Hytaý milli kosmiki edarasy (CNSA) Marsyň ak-gara suratyny tanyşdyrdy. Suratlarda Mars planetasynyň geologiki özboluşlylygy, Skiaparelli krateri we Mariner jülgesi şekillendirilendir. Bu barada “Hi-Tech.Mail.ru” habar berýär.

Suratlar Marsdan takmynan 2,2 million kilometr uzaklykda düşürilipdir. Kosmiki apparat 197 günden bäri uçuşy amala aşyryp gelýär. Birnäçe aýdan soň (aprel-maý) ol Marsa gonmagy gerek. Soňra bolsa, gözleg barlag işlerini amala aşyrar.

Ýatladyp geçsek, “Tyanven-1” marsahody Nasa-nyň täze marsahody bilen bir wagtda uçurylypdy. Hytaý kosmiki zondy 2020-nji ýylyň 23-nji iýulynda uçurylan bolsa, Perseverance 30-njy iýulda älem giňişligine çykarylypdy. Ady agzalan iki apparat hem planetanyň geologik düzümini, ýüzündäki gatlagyň aýratynlyklaryny, Marsdaky buzluklaryň ýerleşişini öwrenýär.