Awstraliýaly alymlar lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ownuklamak hem-de bina galyndylaryndan emele gelen betonlary gaýtadan işlemek arkaly ýol gurlşygynda peýdalanyp boljak täze materialy döretdiler. Bu barada “Korrespondent.net” habar berýär.

Taslama görä, iki gatlakly bir kilometrlik ýol üçin 3 million sany agyz-burun örtügi gerek bolar. Bu 93 tonna zyňyndyny taşlap ibermegiň öňüni almak meýilleşdirilýär.

Ýoluň gurluşygynda peýdalanmak göz öňünde tutulýan täze material Melburn Patyşalyk tehnologiýa institutynyň alymlary tarapyndan döredildi. Bu materialyň düzümi – ownuklanan bir gezeklik lukmançylyk agyz-burun örtükleri we gaýtadan işlenilen gurluşyk zyňyndylarydyr.

Ylmy gözlegleri alyp barýan alymlaryň pikirine görä, bu täze material gurluşyk işlerine gidýän çykdajylary 30%-e gysgaldar. Karýerdan beton gazyp almak üçin azyndan tonnasyna 50 dollar sarp edilýär. gaýtadan işlenilen beton bolsa 26 dolar çykdajyny talap edýär. Agyz-burun örtüklerini ýygnamak we dezinfeksiýa etmek üçin gerek bolan harajatlar tonnasyna 32 dollardan 78 dollara çen bolmagyna garaşylýar.