Sogan arassalaýan we dograýan wagtyňyzda gözýaş mäzlerini oýandyrýan maddalary bölüp çykarýar. Netijede adamyň gözleri ýaşarýar. Sogan dogramakda gözüň ýaşarmazlygy üçin Britaniýanyň Express portaly birnäçe usullary hödürleýär.

Birinjiden, materialyň awtory sogany sowadyjyda 30 ýa-da buzhanada 15 minut saklamagy maslahat berdi. Bu önümiň çykarýan uçýan maddalarynyň ýaýramagyny azaltýar. Şeýle hem, sogany dogramakda penjireler açyk ýa-da howany arassalap durýan sowadyjynyň bolmagy zerur.

Ikinjiden, soganlary dogramakda kesgir pyçakdan peýdalanmaly. Sogan näçe az böleklere bölünse, onuň gözleri ajaşdyrýan fermentleri şonça derejede az bölüp çykarýar.

Üçünjiden, sogany dogramakdan öň onuň ujy aýrylandan soň suwa batyrmaly. Emma bu ýagdaý önümiň tagamynyň ýitirmegine howp salýar.

Şeýle hem sogan gözleri ýaşartmazlygy üçin äýnekden peýdalanyp bolar. bu usul has täsirjeň gözler üçin has-da amatlydyr.