Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) Afrikanyň soňky on ýyllykdaky iň gowy üç sany futbolçysynyň adyny yglan etdi.

Reýtingi düzmekde Afrika futbol konfederasiýasyna agza döwletleriň futbolçylarynyň 2011-2020-nji ýyllardaky netijeleri hasaba alyndy. Oňa görä, “Liwerpul” kluby we Müsür ýygyndy toparynyň hüjümçisi Muhammad Salah Afrikanyň soňky on ýyllykdaky iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Ikinji orny onuň topardaşy, senegally Sadio Mane eýeledi. Güýçli üçlügi “Mançester Siti” klubynyň we Alžir ýygyndy toparynyň hüjümçisi Riýod Mahrez tamamlaýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Salah soňky on ýyllykda “gyzyllaryň” düzüminde pökgi depmekden daşary “Mokalun”. “Bazel”, “Çelsi”, “Florentina” we “Roma” klublarynda iş alyp bardy.