Türkmenistanda aýratyn zähmet şertlerinde işleýän saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça hak töleniler. Ýakynda geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçysyna «Aýratyn zähmet şertleri bolan işlerde goşmaça hak bellemegiň we tölemegiň Tertibine» laýyklykda, zyýanlylyk we agyrlyk derejelerine baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda aýratyn zähmet şertleri bolan işleriň, kärleriň we wezipeleriň sanawyny bellenen tertipde taýýarlamak tabşyryldy.