Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýük daşamagyň meýilnamasy 106,1 göterim berjaý edildi. 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Türkmenbaşy we Türkmenabat Halkara howa menzillerine daşary ýurt howa gämileriniň tehniki uçuş-gonuş işleri amala aşyrylyp başlandy.

Şu ýylyň ýanwar aýyndan başlap, IL-76 kysymly ýük howa gämisinde hepdede bir gezek Aşgabat-Stambul-Aşgabat we Aşgabat-Abu-Dabi-Aşgabat ugurlary boýunça yzygiderli ýük gatnawlary ýola goýuldy. Häzir Aziýadan Ýewropa hem-de Ýewropadan Aziýa sebitine “Boeing-200LR” kysymly howa gämisiniň bagaž böleginde ýükleri daşamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň işine nägilelik bildirip, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurlarda dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.