Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine tapgyrlaýyn esasda hojalyk hasaplaşygyna geçmegi tabşyrdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Döwlet Baştutanymyz tele we radioýaýlymlarda türkmen diliniň edebi kadalarynyň we sözleýiş medeniýetiniň berk berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi, şeýle hem ýaýlyma berilýän gepleşiklere gözegçilik edýän redaktorlaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

“Häzirki döwürde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sanly tehnologiýalaryň, elektron neşirleriň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýärler. Munuň özi ähmiýetli habarlary dünýäniň maglumat giňişliginde gyssagly ýerleşdirmek üçin wajypdyr” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.