Käşir

Käşir düzüminde witaminleri uzak wagtlap saklap bilýänligi bilen tapawutlanýar. Bedende umumy gowşakly duýulanda we anemiýada hünärmenler käşir iýmegi maslahat berýär. Bu bakja önümi, galyberse-de, beta-karotina baý bolup, mikro bedenjikler tarapyndan döredilýän toksinleri ýok edýär. Käşiriň düzümindäki witaminleriň has gowy özleşmegi üçin hünärmenler ony işdäaçarlarda ösümlik ýa-da zeýtun ýagy bilen bilelikde kabul etmegi maslahat berýärler.

Nar

Ter sykylayp taýýarlanan naryň suwundan günde bir bulgur içmeklik — bu özüňi islendik keselden goramagyň ygtybarly usulydyr. Göwrelilikde bolsa, naryň suwy gemoglobiniň derejesini saklamak we witaminleri almak üçin iň amatly usuldyr. Naryň düzüminde köp sanly peýdaly jisimler bar: tanin, kletçatka, şeker, natriý, kalsiý, marganes, demir we magniý, şeýle hem C witamini.

Şugundyr

Bu bakja önüminiň düzüminde köp sanly demir, şeýle hem deňagramly derejede kalsiý we natriý bar. Şugundyr böwregiň, bagryň, gan-damar ulgamyň arassalanmagyna kömek edýär, şeýle hem gan damarlarynyň diwarjyklaryny berkidýär. Buglanan önümiň peýdasy aşa köpdür.

Alma

Alma sizi lukmana ýüz tutmakdan halas edip biler. Şonuň üçin hem günüň dowamynda iň bolmanda bir alma iýjek boluň. Petin, C witamini, köp mukdarda demir bu miwäni ornuny tuutp bolmajak miwä öwürýär. Alma bedeniň ýokanç keselle garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär we gan aýlanyşygyny dikeldýär.

Armyt

Armyt düzüminde pektine we fruktoza baýlygy bilen gymmatlydyr. Fruktoza dartgynly ýagdaýlardan baş alyp çykmaga, pektin bolsa, bedeni zyýanly galyndylardan arassalamaga kömek eder.

Kelem

Bu bakja önümi C witaminine baýdyr we özboluşly aýratynlyga eýedir: duza ýatyrylanda onuň düzümindäki witaminler iki esse köpelýär. Kelemiň hatda bir ýapragyny gyzzyra wagtymyz ýapsak, ol düzümindäki ähli peýdaly jisimlerini size bagyş eder.