Türkmen topragy adamyň saglygy üçin peýdaly ösümliklere juda baý. Bu günki gün tebigatymyzyň eçilen “ýaşyl dermanhanasyndan” taýýarlanylan melhem çaýlar bolsa il arasynda uly meşhurlyga eýe. Gyş paslynda ýüze çykýan möwsümleýin kesellerden goranmakda nepli bolan çaýlaryň taýýarlanyşy hakynda okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Dermanlyk otlardan taýýarlanan «Hoşboý» diýlip atlandyrylýan melhem çaýy immun we aşgazan-içege ulgamlarynyň işini sazlaýar. Antiseptiki, işdä açyjy, iýmit siňdiriji, içgeçmä garşy täsirleri ýüze çykarýar. Immuniteti ýokarlandyrýar, ýadawlygy we tukatlygy aýyrýar. Onuň düzüminde göterim gatnaşygynda alanyňda, ýandak güli we oty – 15, sary çaý oty – 35, boýbodran oty – 28, ajyýowşan oty – 12, gök çaý – 10 göterimden ybaratdyr. Bu çaý bejeriji, iýmit siňdiriji — öňüni alyjy serişde hökmünde hem ulanylýar.

Taýýarlamak üçin «Hoşboý» çaýy gaplanan süzgüçli turbajygyň birini bulgura ýerleşdirmeli, üstüne 100 ml gaýnag suw guýmaly, 1-2 minut ýa-da dermanlyk demleme häsiýetli reňke gelýänçä saklamaly. Ýyly görnüşde günde 2-3 gezek içmeli. Süzgüçli turbajyk bulguryň içinde saklanan ýagdaýynda, bulguryň düýbünde çökündi emele gelip biler.

«Käkilik oty» diýlip atlandyrylýan melhem çaýy diňe käkilik otundan ybaratdtr. Oňa başga hiç hili garyndy goşulmaýar.

Bu melhem çaý oty bronhitde, pnewmoniýada, sowuklamada döreýän üsgülewükde gakylyk gopduryjy, ýumşadyjy, guragyryda we newritde agyry aýryjy, rahatlandyryjy serişde hökmünde ulanylýar.

Taýýarlamak üçin derman ösümlikli süzgüçli turbajygyň birini bulgura ýerleşdirmeli, üstüne 100 ml gaýnag suw guýmaly, 1-2 minut ýa-da dermanlyk suwuklyk demleme häsiýetli reňke geçýänçä saklamaly we soň turbajygy aýyrmaly. Günde 2-3 gezek ýyly görnüşde içmeli. Süzgüçli turbajyk bulguryň içinde saklanan ýagdaýynda, bulguryň düýbünde çökündiniň emele gelmegi mümkin.