Golaýda goňşy Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherini Pakistanyň demirgazyk sebiti bilen birleşdirýän Mazary-Şerif – Kabul – Peşewar demir ýolunyň guruljakdygy mälim edildi. 573 km uzynlykdaky taslama üçin umumy gymmaty 4,8 milliard dollar maliýe serişdelerini çekmek göz öňünde tutulandyr. Bu barada 2-nji fewral güni Owganystan, Pakistan we Özbegistan döwletleriniň arasynda geçirilen üç taraplaýyn duşuşykda mälim edildi.

Bellenilmegine görä, halkara guramalar hem-de ýokary wezipedäki döwlet wekilleriniň gatnaşmagynda geçen duşuşykda demir ýoluň gurluşygy boýunça karta gol çekildi. 573 km uzynlykdaky demir ýol Daşkent şäherini Kabul arkaly Pakistanyň demirgazygyndaky Peşewar bilen birleşdirer.

Bu demir ýoluň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin Özbegistan, Owganystan we Pakistan ýolbaşçylary tarapyndan bilelikdäki ýüz tutmasy esasynda ABŞ Halkara ösüş maliýe korporasiýasynyň we başga halkara maliýe institutlarynyň serişdelerini çekmek maksat edinilýär.

Türkiýäniň Anadolu agentliginiň maglumatlaryna görä, taslamanyň gurluşygy üçin göz öňünde tutulýan maliýe serişdeleri 4,8 milliard dollar hasaplanýar.

Taslama üçin degişli resminamalary taýýarlamak 2021-nji ýylyň iýunyna çenli tamamlanar. Demir ýoluň gurluşygy 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda başlanmagy meýilleşdirilýär.