2021-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýa amala aşyrylýan ýörite uçuşlar üçin resminamalary tabşyrmagyň tertibine üýtgetmeleri girizdi.

Bellenilen seneden başlap, degişli anketalar ilçihananyň konsullyk bölüminde raýatlaryň şahsy ýüz tutmalary bilen deslapky ýazylmak arkaly ýa-da notarial tertipde resmileşdirilen ynanç hatynyň esasynda amala aşyrylar.

Russiýanyň ilçihanasynyň habar bermegine görä, 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli tabşyrylan resminamalar öňki tertipde seljeriler.