2-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň we onuň düzümleriniň ýurtdaky we sebitdäki ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Mejlis gibrid formatynda geçirildi, ýagny käbir gatnaşyjylar zalda bolup, olaryň käbirleri-de wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly çärä gatnaşdylar.

Hususan-da, duşuşyga BMG-niň düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNISEF-iň, BSGG-nyň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň, Halkara zähmet guramasynyň we beýleki edaralaryň ýurt boýunça we sebitleýin 30-a golaý ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de mejlise BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda şu ýyl üçin kesgitlenilen meýilnamalary we taslamalary netijeli durmuşa geçirmek boýunça işjeň pikir alşyldy. Gatnaşyjylar Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda geçen ýylyň dekabr aýynda gol çekilen bilelkdäki resminamalaryň ähmiýetini nygtadylar. Bu 44 sany resminama bolup, olaryň umumy möçberi 82 million ABŞ-nyň dollaryna barabardyr we aglaba bölegi Türkmenistan tarapyndan maliýeleşdirilýär. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň arasynda bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary, azyk howpsuzlygy we ekologiýa bardyr.

Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.