“Nike” kompaniýasy el degirmezden geýip we çykaryp bolýan sport aýakgaplaryny hödürledi. Bagjyklary bolmadyk bu sport aýakgaplary geýmek üçin diňe aýaklary sokmak ýeterlikdir.

“Nike GO FlyEase” diýip atlandyrylan modeliň öň we arka bölegi elastik bölejigiň kömegi bilen baglanyşdyrylandyr. Şarnir mehanizmi netijesinde aýakgabyň daban bölegi basylsa, arka tarapy öň tarapy bilen birleşýär. Önümi öndürmekde tekstil mata we tehnologik torlar ulanylýar. Mundan başga-da, aýakgaplaryň aşak bölegine aýry-aýry zarba we urgulary ýumşadýan ýassyjaklar ornaşdyrylandyr.

Täze sport aýakgaplary üç görnüşde: açyk gara reňkde, dok gök we syýa reňkde gatyşyk reňkde hem-de gara reňklerde hödürlener. Kompaniýanyň dizaýnerleri bu hili aýakgaplaryň ilkinji nobatda mümkinçiligi çäklenen adamlaryň ulanmagy üçin niýetlenendir. Şeýle-de bolsa bu sport aýakgaplary beýleki adamlara hem oňaýly mümkinçilikleri berýär.

15-nji fewraldan satuwa çykarylmagy garaşylýan aýakgaplaryny ilki diňe “Nike” klubynyň agzalary, 2021-nji ýylyň soňuna çenli bolsa ähli adamlaryň satyn almagy mümkin bolar. Onuň takmyny bahasy 210 dollar töweregidir.