Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken buýruklary bilen

wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Amanow Batyr Amangeldiýewiçe;

wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Konserni boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Baýgeldiýew Güýçgeldi Myradowiçe;

wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Korporasiýasy boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Rozyýew Merdan Tejimowiçe;

wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän Toplumy boýunça geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Çişiýew Döwran Gurbangeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.