Ilon Maskyň esaslandyran Neuralink neýrotehnologik kompaniýasy maýmyna wideo oýunlary oýnamak mümkinçiligini berýän çipi onuň beýnisine üstünlikli ornaşdyryldy. Bu barada “Bloomberg” habarlar agentligi habar berýär.

Taslamanyň amala aşyrylyşy hakynda Mask şeýle diýýär: “Bizde kelleçanagyna ownuk simsiz implant ornaşdyrylan we öz aklynyň kömegi bilen wideooýun aýnap bilýän maýmyn bar”.

Işewüriň pikirine görä, implant göze görünmeýär, maýmyn bolsa özüni gowy duýýar. Neurolink hünärmenleri tiz wagtda tejribedäki maýmynlaryň biri-biri bilen “intellektual ping-pong” oýnamagyny umyt edýärler. mask bolsa takmynan 1 aýdan soň, wideooýun oýnaýan maýmynlaryň wideosyny hödürlemegi wada berdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2020-nji ýylyň 28-nji awgust güni milliader Ilon Mask beýnisine çip ornaşdyrylan jojugy görkezipdi. Bellenilmegine görä, Maskyň Neuralink kompaniýasy tarapyndan döredilen çip newrologik keselleri bejermek mümkinçiligi berýär.