2021-nji ýylyň 6-12-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumynda Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyry geçiriler.

Ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara Tennis federasiýasy bilen bilelikde gurar.

Mundan öň, Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyry Aşgabatda 2020-nji ýylyň 8-15-nji iýuny aralygynda geçirmeklik bellenilipdi.