Ýañy-ýakynda Sportiko barlag merkeziniñ geçiren hasabatyna görä, edil häzir Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynyñ basketbol ligasy bolan NBA-de jemi 30 topar çykyş edýär.

Çykyş edýän 30 toparyñ edil häzirki wagtdaky jemi bazar bahasy 71 milliard ABŞ dollaryny geçdi. Pandemiýa döwründe 2% azalan hem bolsa, bu görkeziji ýene hem gowy diýlip hasaplanyldy. Ortaça bir toparyñ bahasy 2,4 milliard ABŞ dollaryna bara-bardyr.

Sanawa ser salsak, ilkinji bäş toparyñ bazar bahasy şeýleräk:

1. New York Niks – 5,42 milliard $;

2. Golden State Warriors – 5,21 milliard $;

3. Los Angeles Lakers – 5,14 milliard $;

4. Bruklin Nets – 3,4 milliard $;

5. Boston Seltiks – 3,18 milliard ybaratdyr.

Iñ soñky topar bolsa New Orlins Pelikansdyr, onuñ bazar bahasy bolsa 1,35$ millard $ bara-bardyr.

Ýene aýdyp geçilmeli zatlardab biri hem, 2010-njy Golden State Warriors topary 450 million ABŞ $-na satylandygy, edil häzirki wagtda bolsa 5,21 milliard $ ýetendigidir.

 

 

Şamuhammet Annaseýidow, S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.