Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komiteti gymmat bahaly metallaryň hem-de gymmat bahaly daşlaryň çig mal, bölekler we taýýar önümler görnüşinde hasaba alynmagyny, saklanylmagyny hem-de gaýtadan işlenilmegini üpjün edýär. Şeýle hem ol Gymmat bahaly metallardan we gymmat bahaly daşlardan zergärçilik hem-de beýleki önümleri taýýarlaýan we öz işinde peýdalanýan fiziki hem-de ýuridik şahslaryň işine gözegçilik edýär.

Degişli edaralar bilen bilelikde, onuň Düzgünnamasynyň gaýtadan işlenip taýýarlanylandygy habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna bu döwlet edarasyny Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy diýip atlandyrmak baradaky teklip hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy diýip atlandyrmak meselesine ünsi çekip, bu teklibi makullady hem-de wise-premýere degişli edaralar bilen bilelikde, zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.