Aşgabat şäherinde ýerleşýän, döwletiň garamagyndaky söwda dükanlarynyň birnäçesi, bir restoran we söwda öýi hususylaşdyryldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.

Hökümet mejlisinde bu Kararyň taslamasyny wise-premýer G.Müşşikow hödürledi. Onuň hasabatynda döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça degişli işleriň geçirilendigi aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Aşgabat şäherinde ýerleşýän degişli söwda dükanlaryny, restorany we söwda öýüni olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni (salgyly) hususylaşdyrmak baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine satylmagy bellenen degişli söwda dükanlaryny, restorany we söwda öýüni olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy.