Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýa ýol gözegçilik gullugy “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy arkaly ýurdumyzyň raýatlaryna şeýle hem sürüjilerine we pyýadalaryna ýol hereketinde ünsli bolmak babatda sms-habarnamasyny iberdi.

Hususan-da bu sms-habarnamasynda şeýle diýilýär.

“Mähriban ildeşler! Gyş paslynyň garaňky, ygally gijeleri hem-de ir säheriň ümürli howasy sürüjilerden hem pyýadalardan ýol hereketinde has ünsli bolmagy talap edýär! Ýoluňyz ak bolsun! PÝGG