ABŞ-nyñ prezidentlik saýlawlarynda ýeñiji bolan Joe Biden we onuñ kömekçisi boljak Kamala Harris (20.01.2021ý.) kasam kabul etdiler.

Kasam kabul edişlikde ABŞ-nyñ milli kasamyny, belli aýdymçy, Lady Gaga ýerine ýetirdi. Jennifer Lopez hem watançylyk hakynda bir aýdymy ýerine ýetirdi.

Dowamynda bolsa Joe Biden prezidentlik wezipesi üçin kasam kabul edeninden soñ hem Amerikan halkyna, şeýle hem dünýä halklaryna seslendi.

Kasam kabul edişlikde, edil häzir, durmuşda ýaşap ýören mundan öñki prezidentler bolan Bill Clinton, George Walker Bush, Barack Obama dagylar gatnaşan hem bolsa, Donald Trump gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Emma kömekçisi bolan Mike Pence kasam kabul edişlikde öz ýerini aldy.

 

Saýlawlar hakynda hem-de Joe Biden hakynda maglumat okaýyn diýseñiz aşakdaky linkden okap bilersiñiz

ABŞ-nyñ Täze Prezidenti JOE BIDEN