Gollandiýaly hünärmen Piter Huistra goňşy Özbegistanyň iň bir meşhur futbol kluby Pahtakoryň baş tälimçisi boldy. Bu barada futbol klubynyň metbugat gullugy habar berýär.

Huistra Pahtakoryň öňki tälimçisi Şota Arweladze öňki möwsümlerden bäri kömek edip gelýärdi. Indi bolsa, hünärmeniň özi Pahtakoryň baş tälimçisi boldy.

Şu ýerde biz, Arweladzeniň 2020-nji ýyl möwsümi gutarandan soň Pahtakor futbol klubyndan gitjekdigini yglan edendigi ýatlamalydyrys.

Maglumat üçin Piter Huistra 1967-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Gollandiýada dünýä indi. Oýun karýerasynda Groningen (1984-1987), Twente (1987-1990), Reýnjers (1990-1995), Sanfrese Hiroşima (1995-1996), Lýors (1997-2000) we Rosendal (2000-2001) ýaly futbol klublarynda çykyş etdi.

1988-1991-nji ýyllar aralygynda Gollandiýanyň milli ýygyndysynda sekiz gezek meýdança çykdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, tälimçilik karýerasyna “Groningen” klubynyň (2001-2005) ýaşlar toparynda başlady. 2005-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli Aýaks we Witesse tälimçisiniň kömekçisi bolup işledi. Şeýle hem, Aýaks, Groningen, De Graafşap we Indoneziýada tälimçilik etdi. 2017-nji ýylyň iýun aýyndan bäri Pahtakorda tälimçiniň kömekçisi bolup işleýärdi.