Ispaniýanyň “Atletik Bilbao” topary final duşuşygynda “Barselona” toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi.

“Barselona” toparyndan 40-njy hem-de 77-nji minutlarda Antuan Grizmann tapawutlandy. Ýeňiji bolan toparda bolsa 42-nji minutda Oskar de Markos, 90-njy minutda Asýer Wilýalibre we 94-nji minutda Inýaki Uilýams gollary öz adyna ýazdyrdy.

Goşmaça minutlaryň ahyrynda Lionel Messi gyzyl petek alyp oýundan çykdy. Ol katalon toparynyň düzüminde şu wagta çenli oýnan 753 duşuşygynda ilkinji gezek gyzyl petek aldy.

“Atletik” taryhynda 3-nji gezek bu naýbaşy kubogy eýeledi.