Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä minnetdarlyk hatyny we mähirli salamyny ýollady.

Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanly türgen ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky hoş habary ýazan Maýkl Iraniniň hatyny uly kanagatlanma we şatlyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

“Ildeşimiziň sportuň agyr atletika görnüşi boýunça altyn hem-de kümüş medallara mynasyp bolmagy bizi diýseň begendirdi we guwandyrdy. Mundan başga-da, türgenimiziň itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzelemegi bolsa, bizi has-da buýsandyrdy” diýip, milli Liderimiz öz hatynda nygtady.