19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Essen uniwersitet klinikasynyň (Germaniýa) Infeksiologiýa Ylmy-barlag merkeziniň müdiri professor, doktor A.Krawçik bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, “Türkmendermansenagat” Birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

Mazmuna baý çykyşlaryň barşynda buýan köküniň hem-de onuň düzümindäki glisirrizin turşusynyň keselleri bejermekdäki aýratynlyklary dogrusynda pikirler alyşyldy.

Täze koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, tutuş dünýäde wirusa garşy göreşmäge ukyply bolan ýörite serişdeleriň ýüze çykarylmagyna hem-de işlenilip taýýarlanylmagyna gönükdirilen ylmy-barlag işleri has hem işjeňleşdirildi.

Şu nukdaýnazardan, alymlaryň degişli ylmy barlaglary buýandan edilen dermanlyk serişdeleriniň, şeýle hem onuň düzüminiň ähmiýetli bölegini düzýän glisirrizin turşusynyň bejeriş-öňüni alyş babatyndaky görnetin täsirini tassyklaýandyr.