Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň pudagara toparynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn görnüşinde üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Bu topar ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek arkaly Lapis Lazuli geçelgesini işjeňleşdirmek maksady bilen döredildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa boýunça orunbasary Baýramgeldi Öwezow, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şahin Abdulla ogly Mustafaýew we Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ajmal Ahmadi dagylar gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar bu formatda hyzmatdaşlyk etmegiň aýratyn ähmiýetini nygtadylar we geçen döwürde amala aşyrylan bilelikdäki işleriň netijelerine garadylar. Şu ýyl üçin meýilleşdirilýän özara hereketler boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Lapis Lazuli geçelgesiniň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasyna” gol çekdiler.