Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan özgertmeler tutuş jemgyýetçilik-syýasy ulgamyň okgunly ösmegine, döwletimiziň dünýä bileleşiginde abraýynyň barha artmagyna ýardam edýär. Demokratik, dünýewi, hukuk döwletiniň gurulmagy onuň ösüşiniň ähli ulgamlarynyň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylýar. Türkmenistanda döwletiň ähli syýasy, ykdysady, medeni-durmuş, guramaçylyk we hukuk esaslary bitewilikde bir maksada – türkmen halkynyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, hemmetaraplaýyn goraglylygyny üpjün etmäge, şahsyýetiň kämilleşmegini höweslendirmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň abraýynyň barha artýan we dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýän, halkymyzyň medeni-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýan, ykdysadyýetimiziň görlüp-eşidilmedik derejede ösýän we täze belentliklere tarap ynamly öňe barýan döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň hukuk binýadyny üpjün edýär. Täzelenen Esasy Kanunda jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklary, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini, döwlet-hukuk institutlarynyň tutuş ulgamyny özgertmäge degişli meseleler öz beýanyny tapdy. Konstitusiýamyzyň kadalaryny ylmy taýdan seljermek hemmetaraplaýyn öňe barýan berkarar döwletimiziň döwrebap hukuk binýadyny kemala getirmek üçin zerurdyr. Hormatly Prezidentimiziň halkara bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýan başlangyçlary dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, möhüm syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer meseleler boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek işinde oňyn hyzmatdaşlygyň anyk mümkinçiliklerini görkezýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri – bilimiň röwşen ýolunyň rowaçlyklara, üstünliklere beslenýän döwri. Bu täze taryhy eýýam ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşiniň täze belentliklere göterilýän, hormatly Prezidentimiziň ähli bilim işgärleri, mekdep okuçylary, talyp ýaşlar hakyndaky atalyk aladasynyň dabaralanýan we dünýä dolýan eýýamydyr.

Esasy Kanunymyzda umumy orta bilimiň hökmanydygy, her bir raýatyň bilim almaga haklydygy, şeýle-de her bir adamyň öz ukybyna görä hünär saýlap almaga hukugynyň bardygy barada aýdylýar.

Jemgyýetimiziň we halk häkimiýetiniň ýörelgelerini ösdürmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il bähbitli, dünýä ähmiýetli işlerinde rowaçlyklar ýaran bolsun!

 

Didar Nuryýew,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby