Amerikan derman kärhanasy bolan “Moderna”-nyň baş direktory Stefan Banzel, kompaniýanyň 2021-nji ýylda dünýä bazaryna 600 milliondan 1 milliard doza aralygynda koronawirus sanjymyny hödürlemäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada “Interfax” habar berýär.

Banzel kompaniýanyň eýýäm 500 million dozada sargyt alandygyny we azyndan 600 million dozany aňsatlyk bilen öndürip biljekdigini belleýär.

Şeýle hem Banzel bu sanjymyň koronawirusa garşy immunitetini näçe wagt saklap biljekdigi entek belli däldigini hem ýatladýar.

6-njy ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň häzirki zaman sanjymynyň, ýagny “Moderna” derman kärhanasynyň taýýarlan koronawirus sanjymynyň ulanylmagyny tassyklandygyny bellemelidiris.

“Moderna” kompaniýasy ozal öz öndüren sanjymyň 94 göterim täsir edendigini habar beripdi.