Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply howa menzili gurlar.

“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň öňki howa menziliniň çäginde Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň innowasion infrastruktura desgasynyň gurulmagy meýilleşdirilýär. Bu barada halkara bäsleşik yglan edildi

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň hünärmenleri tarapyndan işlenilip düzülen tehniki şertlere görä, howa menziliniň toplumy raýat awiasiýasynyň ähli talaplaryna dogry gelýän ýolagçy terminalyny, uzynlygy 2700 metr we ini 45 metr bolan emeli uçuş-gonuş zolagyny öz içine alar.