Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalar, ähmiýetli syýasy çäreler, gazanylýan ösüşler bilen taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bu gün berkarar döwletimiz sebitde asudalygyň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ösüş-özgerişleriň ýurdy hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli, bir-birege goldaw bermek hem-de ikitaraplaýyn bähbitleri nazarlaýan daşary syýasaty bu buýsançly wakalaryň esasydyr.

Bu günki gün ýurdumyzyñ islendik raýaty, işgäri, hünärmeni bilen söhbetdeş bolsaň-da, olaryň ýürek buýsançlary özleriniň işleýän ugurlarynda gazanylýan ösüşler, işlemäge, şat durmuşda ýaşamaga döredilýän uly mümkinçilikler bilen sepleşip, dünýäňe guwanç duýgularynyñ dolýandygyna begenýärsiň. Ähli ulgamlaryň sazlaşykly ösüşiniň gazanylmagy halkyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagynyň gözbaşyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz çykyşlarynda ýurdumyzda ähli ugurlarda sazlaşykly ösüşiň gazanylmagynyň möhümdigini belläp, degişli ýolbaşçylara bu barada berk tabşyryklar berýär.

Ýurdumyzda bilim, ylym ulgamynda gazanylýan uly ösüşler halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar. Eziz Diýarymyzyň haýsy künjegine baryp görseň-de, kaşaň köşk mysaly çagalar baglaryna ýa-da orta mekdepleriň binalaryna gözüň düşýär. Okuw-terbiýeçilik edaralarynyň ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen doly we yzygiderli üpjün edilip durulmagy bolsa aýratyn buýsandyryjydyr. Şeýle binalarda okuw-terbiýeçilik işleriniň döwrüň talaplaryna laýyk guralmagy ýaş nesle dünýä derejesinde bilim bermegiň ähli mümkinçiligini özünde saklaýar.

Ýurdumyzda bilim, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyzyň: “Häzirki wagtda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde bilimiň, ylmyň orny örän uludyr” diýen dürdäne sözleri bu ulgamyň jemgyýetimiziň geljekki ösüşleriniň daýanjy bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz ylym, bilim, şeýle-de sport ulgamlarynyň utgaşykly ösdürilmegine giň ýol açyp berdi. Sport bilen meşgullanmak ähli ýaşdaky ynsanlara zerur bolup, ol köp näsazlyklaryň, beden we ruhy ýadawlygyň öňüni alýar. Sport bilen meşgullanýan adamyň her bir güni hereketde geçýär, onuň pikirleniş endikleri-de beýlekilere garanyňda has kämil bolýar. Olar her bir ýagdaýa durnukly hem-de ugurtapyjy garap bilýarler.

Her ýylyň aprel aýynda sport aýlygynyň ýurt derejesinde ýokary guramaçylykda geçirilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Mähriban Prezidentimiz:

¬- Eziz ýaşlar! Siz ynsan saglygyny berkitmekde bedenterbiýäniň ähmiýetiniň örän uludygyny hiç wagt unutmaly dälsiňiz – diýip belleýär.

Sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmakda hormatly Prezidentimiziň görkezýän göreldesi halkymyzy, aýratyn-da, ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgesine ruhlandyrýar.

Bize şeýle bagtyýar zamanany peşgeş beren mähriban Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işlerinde şowluklar ýar bolsun!

 

Döwletgeldi Gurbanow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby