Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary saýasynda külli türkmen halkynyň şatlygy şatlyga, toýlary baýramlara ulaşýar. Ýene-de sanlyja günlerden – 27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň şanly 29 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni belleniler. Bu mynasybetli ýurdumyzyň ähli dahylly düzüm birliklerinde baýramçylyk dabaralary geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady, onuň üpjünçiligi kämilleşdirilýär, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge, goşunlaryň dürli kysymlary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň hiline, olaryň gullugyna öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns berilýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylary üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, serhet galalarynyň we birikmeleriniň täze desgalarynyň gurluşygyna kuwwatly itergi berildi. Şunda harby gullugy ýokary derejede alyp barmak, harby gullukçylaryň gowy dynç almagy hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli oňaýly şertler döredilýär.

Harby gullukçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine, dünýädäki öňdebaryjy harby tehnikalara ussatlyk bilen erk etmeklerine, şeýle hem harby düzümlerde ulanylýan atlary hem-de itleri degişli derejede ösdürip ýetişdirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler görülýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan özbaşdak döwlet hökmünde öz Ýaragly Güýçleriniň ýokary goranyş kuwwatyny saklamaga, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen maksatnamany yzygiderli durmuşa geçirýär.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň öz mukaddes borjuny hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdiklerine, ýurt asudalygyny, döwlet Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny gözüniň göreji ýaly gorajakdyklaryna ynam bildirýär. Şeýle beýik ynamy ödemek her bir Watan goragçysynyň mukaddes borjudyr!

Ýetip gelýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň şanly 29 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy, şeýle hem ähli Watan goragçylaryny tüýs ýürekden gutlaýaryn! Goý, Döwlet Baştutanymyzyň jany sag, başy dik, işleri rowaç bolsun!

Ýolaman Ýolamanow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby