Bitcoin alyş-çalyş hümmeti 32,000 dollardan geçip, rekordyny ýokary galdyrdy. Bu barada “CoinDesk”-e salgylanyp habar berdi.

2-nji ýanwarda geçirilen söwda sessiýasynda bitkoin bahasy 32,700 dollar boldy.

Dekabr aýynyň ortalaryndan bäri bitkoiniň bahasy 5000 dollar ýokarlandy. 16-njy dekabrda, kriptografik walýuta günde ilkinji gezek 12 göterim ýokarlanyp, 20 000 dollardan geçdi. 21-nji dekabrda bitkoin alyş-çalyş hümmeti 24,000 dollardan geçdi we köp wagtlap 24,6 müň dollar aralygynda galdy. 26-njy dekabrda ilkinji gezek bitkoiniň bahasy 25 000 dollardan geçdi.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, 2017-nji ýylda bitkoin, kriptografik walýuta bolan gyzyklanmanyň artmagy sebäpli ýylda 20 esse ýokarlanandygyny, şondan soň walýuta hümmetiniň çalt peselip başlandygyny bellemelidiris. 2018-nji ýylyň iýun aýynda bitkoiniň bahasy 6000 dollardan gowrakdy we 2019-njy ýylyň başynda onuň bahasy 3500 dollara çenli aşaklady. Şondan soň bitkoin bahasy ýene ýokarlanyp başlady.