1-nji ýanwarda türk tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki wagtda köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň döwletara aragatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn ösýändigini belläp, energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyny aýratyn nygtadylar.