“Türkmenawtoulaglary” agentligi ilatymyzyň awtobus gatnawlaryna, ýolagçylar üçin ýokary hilli we medeni hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 37-nji “Wokzal – Kardiologiýa merkezi” ugrunda, şeýle hem 54-nji “Wokzal – Bagyr” awtobus ugrunda käbir üýtgeşmeleriň girizilendigini habar berýär.

37-nji “Wokzal – Kardiologiýa merkezi” ugry boýunça awtobus “Wokzal” belleniş nokadyndan ugraýar we Kemine köçesi – S.Türkmenbaşy şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – Garaşsyzlyk şaýoly – G.Ezizow köçesi – Oguzhan köçesi – Garaşsyzlyk şaýoly – Arçabil şaýoly – Ata Türk köçesi – Arçabil şaýoly – 1970 — Kardiologiýa merkezi boýunça hereket eder;

yzyna bolsa, Arçabil şaýoly – S.Türkmenbaşy şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçesi – S.Türkmenbaşy şaýoly – Gurbansoltan eje şaýoly boýunça hereket edip, “Wokzal” belleniş nokadyna gelýär.

54-nji “Wokzal – Bagyr” ugry boýunça awtobus “Wokzal” belleniş nokadyndan ugraýar we Kemine köçesi – S.Türkmenbaşy şaýoly – Görogly köçesi – Güneş köçesi – N.Ataýew köçesi – Parahat köçesi – A.Jallyýew köçesi – Ýeňiş köçesi – G.Öwezow köçesinden aýlanyp, yzyna G.Öwezow köçesi – A.Jallyýew köçesi – Parahat köçesi – Görogly köçesi – S.Türkmenbaşy şaýoly – Gurbansoltan eje şaýoly bilen hereket edip, “Wokzal” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefonlary: 44-33-90, 44-33-91.