Saglyk — bahasyz baýlyk. Bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek zerurdyr.

— Dogry iýmitleniň! Witaminlere baý gök önümleri we miweleri köpräk iýiň! Olary iýmezden ozal, gyzgyn suw bilen gowy edip ýuwmagy ýatdan çykarmaň! Tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň!

— Her gün azyndan 2 litr arassa suw içiň!

— Arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň! Daşardan geleniňizde, nahardan öň hem-de soň eliňizi hökman sabynlap ýuwuň!

— Egin-eşikleriňizi arassa saklaň! Pasla görä geýniň!

— 8 sagatdan az bolmadyk kadaly ukyňyzy alyň!

— Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtügini dakynmagy ýatdan çykarmaň! Örtügi talabalaýyk, dürs dakynyň!

— Jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz araçägi — 2 metr aralygy saklaň!

— Öý we iş otaglaryňyzyň penjirelerini açyp, ýelejiredip, howasyny çalşyp duruň!

— Üzärlik tütedip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen çygly arassaçylyk işlerini yzygiderli geçirip duruň!

— Galyndylary we zir-zibilleri wagtly-wagtynda aýryň!

— Dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary içiň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň

Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.